BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

  • 10.04.2026 20:27
  • 3.2k+

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar.

650 million ýewro möçberindäki döwrebaplaşdyrma işleri taryhy meýdançany «Neue Klasse» tapgyrynyň döwrebap önümçilik merkezine öwrer. Bu ugurdaky ilkinji uly ädim 2026-njy ýylyň awgustynda täze BMW i3 modeliniň — doly elektrikli sedanyň önümçiliginiň ýola goýulmagy bolar (bu model «iX3» elektrik krossowerinden soňra «Neue Klasse» tapgyrynyň ikinji modeli bolar).

Taslama netijelilik, durnuklylyk we sanlylaşdyrma ýörelgelerine esaslanýan «iFACTORY» strategiýasynyň çäginde amala aşyrylýar. Täzelenen önümçilikde, 800 sany senagat robotynyň kömegi bilen kuzow bölümindäki awtomatlaşdyrma derejesi 98%-e ýeter.

Hil gözegçiligi üçin emeli aň ulgamlary we kameralar ulanylar, logistika amallarynyň 60%-ini bolsa sürüjisiz ulag ulgamlaryna tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Bellemeli zat, zawodyň gaýtadan gurluşygy häzirki önümçiligi duruzmazdan alnyp barylýar we günde 1000-e çenli awtoulag öndürmek ukybyny saklap galýar. Täze modeller üçin elektrikli hereketlendirijiler Awstriýadan, ýokary woltly batareýalar bolsa Bawariýanyň başga bir kärhanasyndan getiriler, bu bolsa täze önümçilik zynjyryna doly goşulyşmagy üpjün eder.


şu gün 01:38
663

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
7.9k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
4.9k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.3k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......