Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Bahreýniň täze ilçisini kabul etdi

  • 16.09.2025 18:56
  • 1.5k+

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi, kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, ykdysady, medeni, parlamentara hyzmatdaşlyklary ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.


15-nji sentýabrda ilçiniň şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi diplomatik işini Ankara şährinde oturýan ýerinden alyp barar.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......