4.4k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýakynda geçiriljek çäreleri maslahatlaşdy

20-nji awgustda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy...

5.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

19-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň ýurdumyzdaky ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...

4.9k+

Tehasda bir kitap 82 ýyldan soň kitaphana gowşuryldy

Tehasdaky San-Antonio jemgyýetçilik kitaphanasyna tas 82 ýyldan soň bir kitap yzyna gaýtarylyp berildi diýip, UPI habar berýär. Şäher administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, 11 ýaşly oglan 1943-nji ýylyň iýulynda Frensis Brýus Streýniň “Siziň çagaňyz, onuň maşgalasy we dostlary” atly kitabyny aldy...

1.6k+

Windows 11-e işleýiş näsazlygyndan awtomatik gorag goşuldy

Microsoft korporasiýasy KB5063878 belgisi bilen Windows 11-iň hökmany täzelenmesini çykardy. Windows Latest-iň habar bermegine görä, onuň esasy täzeligi Windows işe girizilen wagty näsazlyk ýüze çykan halatynda ulgamy dikeltmek üçin niýetlenen Quick Machine Recovery funksiýasy boldy...

8.2k+

Ford satyn alyp bolmaýan, ýöne ýygnap bolýan üýtgeşik Bronco ulaglaryny çykardy

Ford kompaniýasy iki sany ýörite taslamasynyň –  Bronco Silver Lake Dunes Project Vehicle we Bronco Sport Silver Lake Dunes Project Vehicle wersiýalarynyň çykmagy bilen Bronco modeliniň 60 ýyllygyny belledi. Olar Miçigan ştatynyň çägeli aňňatlaryna bagyşlandy we awtomobilleri şahsylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görkezýär...

14k+

Halk Maslahatynyň we Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşine täze agzalar kabul edildi

19-njy awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi...

6.8k+

Aşgabatda Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahatynda geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri maslahatlaşyldy

19-njy awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi...

2.7k+

YouTube “Oskary” ýaýlymda görkezmek hukugyny satyn almak isleýär

YouTube “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermek üçin hukuk satyn almaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada iki çeşmä salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Neşiriň bellemegine görä, barha abraýyny ýitirýän dabaranyň iň uly wideohostingde ýerleşdirilmegi oňa bolan gyzyklanmany artdyryp bilerdi...

13k+

Awtomobilleriň iň köp öndürilýän ýeri nirede: infografika

Geçen ýyl dünýäde 92 milliondan gowrak awtomobil öndürildi. Önümçiligiň esasy bölegini Hytaý, Ýaponiýa we ABŞ üpjün etdi – ýygnalan ähli ulaglaryň 54%-i bu ýurtlaryň paýyna düşdi. Şol bir wagtyň özünde, Hindistan, Meksika we Braziliýa ýaly ösýän bazarlaryň täsiri-de artýar...

4.2k+

24 ýaşda 24-nji ýeňiş: Iga Swýontek Sinsinnatidäki WTA 1000 ýaryşynyň ýeňijisi boldy

Polşaly tennisçi Iga Swýontek Sinsinnatidäki (ABŞ) WTA 1000 tennis ýaryşynyň finalynda ýeňiş gazandy. Finalda ol italiýaly Žasmin Paolinini 7:5, 6:4 hasabynda utdy. Oýun 1 sagat 49 minut dowam etdi. Oýnuň başynda Swýontek 0:3 hasabynda utulyp gelýärdi, ol garşydaşynyň oýnuň dowamynda dört breýk etmegine ýol berdi, ýöne soň oýny öz peýdasyna öwürmegi başardy...

30k+

Alp Arslan Begenjow dünýä çempiony titulyny gorap bilmedi

Erkin göreş boýunça türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow (79 kg çenli agram kategoriýasy) 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda göreş boýunça ýaşlar dünýä çempionatynyň dörtden bir finalyndan geçip bilmedi. Ýaryş 17 – 24-nji awgust aralygynda Bolgariýanyň Samokow şäherinde 650 türgeniň gatnaşmagynda geçirilýär...

2.6k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 4 million dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 38 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar...

170k+

Çagany näme üçin CuriooKids-e bermeli? Okuw merkeziniň aýratynlyklary

CuriooKids — bu halkara okuw merkezleri bolup, çagalar we ýetginjekler üçin goşmaça okuw maksatnamalaryny hödürleýär. Brendiň esasy wezipesi – okuwçylary geljek üçin taýýarlamak, olara döredijilikden, tankydy pikirlenmekden, aragatnaşykdan we hyzmatdaşlykdan ybarat möhüm başarnyklaryny ösdürmeklerine goldaw bermekden ybarat...

7.5k+

Robot "ene": Hytaýda göwresinde çaga götermäge ukyply Android bar

Hytaýyň Guançžouda ýerleşýän Kaiwa Technology kompaniýasy adam düwünçegini göwrelilikden başlap, dogulýança götermäge ukyply emeli ýatgyly robotyň döredilendigini habar berdi. Önümiň bahasy 14000 dollardan gymmat däl bolup, 2026-njy ýylda bazara çykar diýlip garaşylýar...

1.6k+

“Skibidi”, “delulu” we “tradwaýf” näme? Kembrij sözlüginde täze sözler peýda boldy

Kembrij sözlügine “skibidi”, “tradwaýf” we “delulu” sözleri girdi. Bu internet medeniýetiniň iňlis diline ýetirýän täsiriniň artýandygyny görkezýär diýip, The Guardian habar berýär. “Internet medeniýeti iňlis dilini üýtgedýär we bu hadysa syn etmek, onuň netijelerini bolsa sözlükde bellige almak gyzykly” – diýip, sözlügiň leksik programmasynyň ýolbaşçysy Kolin Makintoş belledi...

3.5k+

Özbegistanda Afrikanyň çäginden daşary ýaýyň ulanylmagynyň iň gadymy yzlary tapyldy

Halkara ylmy gözlegçileriň topary Özbegistanyň çäginde gadymy adamlaryň ýaý bilen oky, takmynan, 80 müň ýyl ozal ulanandygyny anyklady. Bu şeýle ýaragyň Afrikanyň çäginden daşary ulanylandygyna iň irki subutnamalaryň biridir diýip, RYA-nyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär...