Saint Laurent dünýäniň iň köp isleg bildirilýän moda brendi boldy

  • 06.11.2025 22:07
  • 2.3k+

Saint Laurent 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde Lyst Index tarapyndan düzülen dünýäniň iň köp isleg bildirilýän brendleriniň reýtinginde birinji orny eýeledi. Ol ilkinji gezek Miu Miu we Loewe brendlerinden öňe geçdi diýip, WWD habar berýär.

Lyst analitikleri gyzyklanmanyň artmagyny Entoni Wakkarellonyň özboluşly stili bilen baglanyşdyrýar. Möwsümiň esasy harydy iň köp isleg bildirilen harytlaryň arasynda Havaianas Top Flip-Flops şypbyklaryndan soň ikinji orny eýelän Le Loafer deri loferi boldy.
Şeýle-de, meşhur bolan egin-eşikleriň arasynda COS Chunky Cashmere Jumper switeri, The Row Eel Loafer loferi, Skims Pierced Nipple Push-Up Bra, Nike x Jacquemus Moon Shoe we Nike Shox TL krossowkalary bar.
Reýtingiň ikinji ornuna Miu Miu geçdi, üçünji orny 140%-den gowrak ösüş görkezen COS eýeledi. Dördünji orunda The Row ýerleşdi, bäşligi bolsa Coach jemledi. Loewe sekizinji orna düşdi.
Lyst bilermenleri 2025-nji ýylda düşnükli we durnukly stili bolan brendleriň öňdebaryjydygyny belleýär. Alyjylar bulam-bujar dizaýndan ýadadylar, şonuň üçin ynamly görünýän, tanalýan we ýokary hilli öndürilen zatlary saýlaýar.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....