Hublot suratkeş Deniel Arşamyň art-dizaýny bilen täze goşar sagadyny hödürledi

  • 06.11.2025 11:13
  • 4.1k+

Şweýsariýanyň Hublot sagat kompaniýasy bilen amerikaly suratkeş Deniel Arşam ikinji bilelikdäki işini – Hublot MP-17 Meca-10 Arsham Splash Titanium Sapphire goşar sagadyny hödürledi.

Arşam häzirkizaman predmetlerini daşa öwrülen ýa-da “heläkçilikden soňky geljegiň tapyndylary” ýaly şekillendirýän sungat obýektleri bilen tanalýar.
Ol moda pudagy we sagatlar bilen işleşen ýagdaýynda wagtyň we tebigy hadysanyň dürli elementlerini ulanýar. Mysal üçin, suratkeş eşikde tozan obrazy bilen işleşýän bolsa, Hublot üçin wagtyň yzygiderli akmagynyň nyşany hökmünde suwy saýlady.  
Arşamyň Hublot üçin ilkinji işi MP-16 Arsham Droplet jübi sagady bolup, ony stol sagadyna öwrüp bolýardy. Ol suw ýa-da wagt damjasyny ýada salýan damjanyň şekilinde ýerine ýetirildi. Täze MP-17 modelinde hem bu pikir saklandy, ýöne bu gezek sagat doly derejeli goşar sagady boldy.  
Täze sagadyň korpusy ýylmanan titandan ýasaldy, bezel sähel bulaşyk durulyk bilen ýakut aýnasyndan bolup, tekstura üçin lazer bilen işlendi. Şonuň netijesinde sagat uly bolmadyk heýkel obýekti ýaly görünýär. Brendiň tanalýan H şekilindäki alty Hublot nurbaty bezelde saklanyp galdy.
Elde tow berilýän Hublot Meca-10 mehanizmi goşmaça tow bermezden 240 sagat işläp bilýär. 42 diametrli korpus bolsa dakynmak üçin rahatdyr. Mehanizm iki tarapdan hem görünýär, sagat dilleri, sagat bellikleri we hasap indikatorlary bolsa Superluminova ýaşyl öwüşgini bilen tapawutlandyryldy.  
Sagat bary-ýogy 99 nusga bilen çykarylar. Her biriniň bahasy 495 müň dollara barabar. 

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....