Lionel Messä amerikan şäheriniň açary gowşuryldy

  • 06.11.2025 19:21
  • 15k+

Argentinaly futbolçy Lionel Messi Maýami şäheriniň simwoliki açaryny aldy. Oňa baýragy America Business Forum-daky çykyşyndan soň şäheriň häkimi Frensis Suares gowşurdy diýip, ESPN habar berýär.

“Men siziň şäherimiz, ýurdumyz we tutuş futbol dünýäsi üçin bitiren işleriňiz üçin şu açary gowşurmak isleýärin. Size minnetdar” – diýip, Suares aýtdy.

Muňa jogap hökmünde Messi bu şäherde özüni söýülýän we bagtly duýýandygyny hem-de bu baýragy almagyň uly hormatdygyny belledi.
Messi MLS-iň “Inter Maýami” klubunda 2023-nji ýyldan bäri oýnaýar. Ol toparyň taryhynda iň gowy bombardir boldy – onuň hasabynda 84 oýun, 74 gol we 36 assist bar. Şu möwsümde oýunçy MLS-iň yzygiderli çempionatynyň iň gowy bombardiri hökmünde “Altyn butsy” baýragyny aldy. Ol oktýabrda klub bilen şertnamasyny 2028-nji ýyla çenli uzaltdy.
Öň, Messi Ispaniýanyň “Barselona” (2003-2021) we Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” (2021-2023) klublarynda oýnady. Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2022-nji ýylda dünýä çempiony boldy, iki gezek Amerikanyň Kubogyny utdy (2021-nji we 2024-nji ýyl) we 2008-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Şeýle-de, ol “Altyn topuň” sekiz gezek eýesidir. 


18.05.2026 21:08
5.7k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6.1k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

17.05.2026 20:11
3.9k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....

16.05.2026 20:02
11k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....