Hytaý taýkonawtlary ilkinji gezek agramsyzlyk şertlerinde towuk ganatlaryny bişirdiler

  • 06.11.2025 22:10
  • 6.4k+

Hytaýyň “Týangun” orbital stansiýasynyň bortunda ilkinji gezek agramsyzlyk şertlerinde et bişirildi. “Şençžou-20” we “Şençžou-21” missiýalarynyň taýkonawtlary nýu-orlean stilinde towuk ganatlaryny we gara burç bilen steýk bişirip, adaty agşamlygy hakyky baýramçylyga öwürdi diýip, Interesting Engineering portaly habar berýär.

Hytaýyň astronawtika merkezi tejribäniň wideo ýazgysyny hödürledi: ekipaž uly lezzet bilen bişirilen eti dadyp görýär. Tagam taýýarlamak işi 28 minut wagt aldy.
Munuň üçin mikrograwitasiýa niýetlenen ýörite peç ulanyldy. Ol tüsse çykarmazdan we ýag syçratmazdan bişirmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa stansiýanyň ähli ulgamlarynyň howpsuzlygy we işlemegi üçin örän möhümdir.

“Biziň enjamymyz temperatura gözegçiligini, galyndylary ýygnamak we köp tapgyrly süzgüç tehnologiýalaryny ulanýar. Gurluş 500 gezek ulanmaga çydamlydyr” – diýip, Hytaýyň astronawtika merkezinden Lýu Weýbo düşündirdi.

Täze tehnologiýa ýokary netijeliligi görkezdi: deňeşdirmek üçin, 2020-nji ýylda amerikan astronawtlaryna bir kökäni bişirmek üçin iki sagatdan gowrak wagt gerek boldy, hytaýlylara bolsa grilde ganatlary ýarym sagatdan az wagtyň içinde doly taýýarlamak başartdy.
“Týangun” stansiýasynyň menýusynda eýýäm 190-dan gowrak tagam bar. Indi kosmonawtlar diňe bir nahary gyzdyrman, eýsem hoz, çörek önümlerini we ter önümleri taýýarlap bilýär.
Professor Kan Gohua kosmos stansiýasynyň diňe bir barlaghana däl-de, eýsem öýdügini belleýär. Gowy görýän tagamyňy taýýarlamak mümkinçiligi bolsa Ýerden uzakda geçirilen esli wagtda gowy şähdi saklamaga kömek edýär.
Hytaý Täze ýylynyň öňüsyrasynda taýkonawtlar hatda birek-birek üçin ýörite sowgat taýýarlady, olary diňe baýramçylyk güni açyp bolýar. Bu adam mähriniň hatda kosmosda hem möhümdigi barada kiçiräk ýatlatmadyr.


02.06.2026 12:47
5.7k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
9.9k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......