AFK-2 Çempionlar ligasynda «Arkadag» FK Kataryň «Al-Ahli» kluby bilen deňme-deň oýnady

  • 06.11.2025 11:32
  • 7.3k+

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 4-nji tapgyrynda Kataryň «Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Oýun çarşenbe güni Arkadag şäherindäki stadionda geçirildi.

Myhmanlar 23-nji minutda hüjümçi Mişel Wlapyň goly bilen hasapda öňe çykdy. Şeýle-de bolsa, üç minutdan soň ýer eýeleri hasaby deňleşdirdiler — burçdan ýerine ýetirilen urgudan soň «Al-Ahli» toparynyň goragçysy Mateý Mitrowiç topy kellesi bilen öz derwezesine geçirdi. Duşuşygyň 54-nji minudynda hem «Arkadagyň» peýdasyna howply pursat döredi, ýöne katarly klubuň derwezebany toparyny halas etdi.
Dört tapgyrdan soň «Arkadagyň» hasabynda üç utuk bar we topar häzirki wagtda «B» toparçasynda iň soňky orunda durýar. Bäş oýundan soň ýedi utuk toplan «Al-Ahli» toparçada öňde barýar. Şeýle hem pleý-off üçin Özbegistanyň «Andijan» (3 oýunda 3 utuk) we Bahreýniň «Al-Haldiýa» (4 oýunda 5 utuk) toparlary göreşi dowam etdirýärler.
Indiki oýunda «Arkadag» 26-njy noýabrda myhmançylykda «Andijan» bilen duşuşar. Toparlaýyn tapgyryň soňky duşuşygyny bolsa 24-nji dekabrda Arkadagda «Al-Haldiýa» bilen geçirer.


şu gün 13:51
2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......