Türkmenistanyň binagärlik institutynyň talyplary Garabogaz aýlagyndaky täze köprüde tejribelik geçdiler

  • 07.11.2025 10:10
  • 9.6k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsinde okuwa degişli tejribelik sapaklaryny geçirdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, tejribe sapagynyň dowamynda talyplar köpriniň gurluşy, inženerçilik aýratynlyklary, berklik we durnuklylyk ulgamynda ulanylan çözgütler, ýol örtüginiň gatlak gurluşy hem-de ulanylan döwrebap gurluşyk materiallary bilen tanyşdylar. Mugallymlar köpri gurluşygynda ulanylýan beton, armatura, asfalt-beton, geotekstil we gorag gurluşlary baradaky maglumatlary düşündirdiler.
Şeýle hem talyplar täze gurluşygy başlanan Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluş aýratynlyklary bilen ýerinde tanyşdylar. Bu döwrebap awtomobil ýoly jemi 4 sany hereket zolagyndan ybarat bolup, onuň ýer düşeginiň giňligi 27,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 7,5 metr, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite beton ýol çäkleri arkaly bölünýär.
Ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, onuň iki tarapynda hem päsgelçilik gorag germewleri gurnalar. Uzynlygy 207 kilometr bolan bu awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz bölegi, Türkmenbaşy şäherinden başlap, Garabogazköl aýlagynyň täze awtomobil köprüsiniň üsti bilen “Garabogazkarbamid” zawodynyň golaýyndaky aýlawly çatryga çenli dowam edip, Gazagystan bilen araçäkdäki döwlet serhedine çenli barar.
Talyplar ýol gatlagynyň gurluş tehnologiýasy bilen hem tanyşdylar. Ýoluň ýokary hil derejesini üpjün etmek üçin onuň üst gatlary döwrebap gurluş usullary bilen ýerine ýetirilýär:
Bir sagatda 580 awtoulaga, bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen bu ýol boýunça 8 sany awtobus duralgasy, awtoduralga meýdançalary, ýangyç guýujy beketler we durmuş maksatly desgalar hem göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýol ugrunda wideogözegçilik ulgamlary ornaşdyrylar.
Mugallymlar bu gurluşyň ähli ugurlary bilen tanyşdyrmak arkaly talyplaryň ýol gurluşygy, gatlaklaryň hasaplamalary, asfalt-beton garyndylarynyň gurluş aýratynlyklary, ýol howpsuzlygyny üpjün edýän inženerçilik çözgütleri hem-de halkara derejesindäki ýol gurluşygynyň talaplary boýunça bilimlerini çuňlaşdyrdylar.
Okuw sapagy talyplara nazary bilimlerini amaly taýdan berkitmäge, iri taslamalaryň gurluş tapgyrlaryny ýerinde görüp öwrenmäge, ýol we köpri gurluşygy boýunça täze tehnologiýalar bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......