Türkmen okuwçylary Panamada "Robotlaryň Olimpiadasynda" birinji orny aldylar

  • 06.11.2025 11:41
  • 4.3k+

Türkmenistanly mekdep okuwçylary 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Panama Respublikasynda geçirilen “Robotlaryň Olimpiadasynda” üstünlikli çykyş etdiler. Mekdep okuwçylarymyz “Skills Challenge”, ýagny robotlaryň ýekelikde özbaşdak işleri ýerine ýetirişi boýunça 1-nji derejeli diploma mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşigiň şertine laýyklykda, toparyň taýýarlan roboty ýerine ýetirmeli işleri 50 sekundyň dowamynda doly ýerine ýetirip, jemi 54.6 bal toplamagy başardy. Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýykda, ýaryşyň bu şerti boýunça 2-nji orna Ermenistanyň, 3-nji orna Hytaý Halk Respublikasynyň toparlary mynasyp boldular.
2017-nji ýyldan bäri geçirilýän robot tehnologiýasy boýunça “First Global Challenge 2025” halkara ýaryşyna 194 döwletiň 970-den gowrak ýaş inženerleri gatnaşdy. Ýaryşa ýurdumyzyň adyndan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary Çaryýew Ysmaýyl, Gylyçmuhammedow Emirhan, Çolukow Aznawur, Gulow Şirmuhammet, Orazgeldiýew Gurbangeldi dagysyndan düzülen “Oguzrobot” topary wekilçilik etdi. Ozal hem belleýşimiz ýaly, topara tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edip, okuwçylar birnäçe aýyň dowamynda bu halkara ýaryşa “Kämil bilim” okuw merkezinde doly taýýarlyk gördüler.

şu gün 10:01
703

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

18.06.2026 11:16
2.6k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....