Maldiwlerde 2007-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglanlara çilim çekmek gadagan edildi

  • 06.11.2025 11:08
  • 8.1k+

2025-nji ýylyň 1-nji noýabryndan Maldiwlerde 2007-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglanlaryň ählisi üçin temmäki önümlerini satyn almagy we ulanmagy gadagan edýän kanun güýje girdi. Bu düzgün hatda ada gelýän syýahatçylara-da täsir edýär diýip, The Guardian habar berýär.

Ýurduň Prezidenti Mohamed Muizza şeýle çäräniň “ilatyň saglygyny goramaga we temmäkiden azat nesli kemala getirmäge” gönükdirilendigini aýtdy. Düzgüni bozanlara, şol sanda 18 ýaşdan kiçi ýetginjeklere temmäki önümlerini satmakçy bolýan söwdagärlere 50 müň rufiýa (takmynan, 3270 dollar) möçberde jerime salynýar.
Mundan başga-da, Maldiwlerde elektron çilimlere we weýplere berk gadaganlyk hereket etmegini dowam edýär, ol ýaşyna garamazdan ýurduň ähli raýatlaryna degişlidir.
Maldiw adalary şeýle berk kanuny kabul eden ilkinji ýurt däl. 2022-nji ýylda Täze Zelandiýa temmäki önümlerini 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglanlar üçin satmagy gadagan edýän kanuny girizdi. Ýöne 2023-nji ýylda täze hökümet bu gadaganlygy güýje girmezinden ozal ýatyrdy. Maliýe ministri Nikola Uillis kanunyň ýatyrylmagyny çilim satuwyndan alynýan salgyt girdejileriniň salgytlary azaltmaga gönükdiriljekdigi bilen esaslandyrdy. 


26.09.2022 10:10
4k+

Diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl: Serdar Berdimuhamedow Maldiwleriň Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti Ibragim Mohamed Solihe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Maldiwler...

09.06.2021 20:30
2.6k+

Maldiwleriň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň başlygy saýlandy

Maldiwleriň wekili Abdulla Şahid BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň başlygy saýlandy. Muny duşenbe güni geçirilen ses berişligiň netijeleri delillendirýär diýip, TASS habar berýär. Şahidi 143 ýurduň...

şu gün 17:57
25

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda koreýaly diplomatlar bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy guraldy. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berýär...

şu gün 16:45
538

Türkmenistanyň daşary işler ministri London gazna biržasyndaky duşuşyga gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Beýik Britaniýa amala aşyrylan iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Londonda möhüm duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyk London gazna biržasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Juliýa Enn Hoggettiň we Beýik Britaniýanyň Maliýe ministrliginiň (UK Treasury) ykdysady sekretary Lýusi Rigbiiniň gatnaşmagynda geçirildi...