Oweçkin taryhda ilkinji bolup MHL-iň yzygiderli çempionatlarynda 900 şaýba geçirdi

  • 06.11.2025 19:10
  • 3.8k+

“Waşington Kepitalz” amerikan hokkeý toparynyň hüjümçisi Aleksandr Oweçkin Milli hokkeý ligasynyň (MHL) yzygiderli çempionatlarynda 900 şaýba geçiren ilkinji hokkeýçi bolup, taryhy rekord goýdy. Bu barada CBS Sports habar berýär.

Ol ýubileý goluny “Sent-Luis Blýuz” toparyna garşy oýunda geçirdi. Duşuşyk Waşington toparynyň peýdasyna 6:1 hasabynda tamamlandy. Oweçkiniň ikinji tapgyrdaky şaýbasy hasaby 2:0 etdi.
Öň, 2025-nji ýylyň aprelinde Oweçkin hasabynda 894 gol bolan kanadaly Ueýn Gretskiniň rekordyny täzeledi. Pleý-off oýunlaryny hasaba alanyňda, russiýaly hokkeýçiniň indi 977 şaýbasy (yzygiderli möwsümlerde 900 we pleý-offlarda 77) bar. Bu görkeziji boýunça ol diňe Gretskiden yza galýar, onuň hasabynda 1016 gol bar.
Oweçkin MHL-de 2005/2006 möwsüminden bäri oýnaýar we häzire çenli “Waşington Kepitalzda” çykyş edýär. Ol 2018-nji ýylda topar bilen Stenli kubogyny gazandy. Mundan başga-da, ol Russiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde üç gezek dünýä çempionydyr. 


15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

02.06.2026 00:00
3.9k+

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......