Ýere Gün plazmasynyň zyňyndylary golaýlaýar: güýçli magnit tupany bolup biler

  • 06.11.2025 18:59
  • 8.5k+

7-nji noýabrda Ýeri Gün plazmasynyň uly zyňyndysy gurşap alar. Ol 5-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen 16:00 töweregi bolup geçen M7.4 derejeli alawlamadan soň ýüze çykdy. Bu barada Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, plazma akymy gönüden-göni Ýere tarap hereket edýär we anna güni günortana çenli magnitosfera ýeter.
Alymlar birinji alawlamadan tiz wagtdan soň Günde ikinji, has kuwwatly zyňyndynyň bolup geçendigini aýtdy. Oňa M8.65 baly berildi. Onuň iň ýokary derejesi gije sagat 03:07-de hasaba alyndy.

“Ikinji bulut öňküsinden has uly we tiz. Ol anna güni göni birinjiniň yzysüre Ýere zarba urar, şol bir wagtyň özünde-de ýolda onuň yzyndan ýetip, onuň bilen bölekleýin birleşer” – diýip, çeşme habar berýär.

Soňky günlerde astronomlar üç güýçli alawlamany hasaba aldy, olaryň ikisi X kategoriýaly bolup, bular 2025-nji ýylyň iýunyndan bäri iň güýçlüsidir. Işjeňligiň ýokarlanmagy Günüň görünýän tarapynda birnäçe uly tegmilleriň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrylýar. Bu ýerler durnuksyz bolup, ýakyn günlerde täze zyňyndylara sebäp bolup biler.
Çaklamalara görä, plazma akymlarynyň Ýeriň magnit meýdany bilen çaknyşmagy G3-G4 derejeli geomagnit tupanlaryna getirer. Radio aragatnaşygynda, nawigasiýa ulgamlarynda we energetika ulgamlarynda bökdençlikler, şeýle-de polýar şöhlelenmeleri bolup biler. 


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...