ABŞ-nyň raýatlaryna Özbegistana wizasyz 30 günlük girmäge rugsat berler

  • 06.11.2025 18:53
  • 9.4k+

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ABŞ-nyň raýatlary Özbegistana 30 güne çenli möhlet bilen wizasyz baryp biler. Bu barada Respublikanyň Prezidentiniň administrasiýasyna salgylanyp, “Interfaks” habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň permanyna laýyklykda, çözgüt iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle-de syýahatçylyk alyş-çalşygyny höweslendirmäge gönükdirilýär.
Resminamada bu ädimiň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we daşary ýurtly myhmanlar üçin Özbegistanyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak tagallalarynyň dowamy boljakdygy bellenilýär.
Şu ýylyň maý aýynda Prezidentiň syýahatçylyk akymyny artdyrmak boýunça çärelere bagyşlanan permanynda ABŞ-nyň raýatlary üçin wizasyz režimi girizmek meýilnamalary agzalypdy. Şol wagt Daşary işler ministrligine Özbegistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girişi üçin wiza talaplaryny ýeňilleşdirmek barada amerikan tarapy bilen gepleşiklere başlamak tabşyryldy.
Mundan öň, 2021-nji ýyldan bäri ýurtda ABŞ-nyň we beýleki döwletleriň 55 ýaşa ýeten we Özbegistana syýahatçylyk maksady bilen gelýän raýatlary üçin 30 günlük wizasyz düzgün hereket edýärdi. 


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......