“Godzilla: Minus bir” filminiň dowamy “Godzilla: Minus nol” adyny alar

  • 06.11.2025 11:17
  • 3.7k+

Resmi Godzilla Official by Toho YouTube kanalynda “Godzilla: Minus bir” filminiň dowamynyň ilkinji tizeri çykdy. Täze bölüm “Godzilla: Minus nol” adyny aldy.

Režissýor, ssenariçi we wizual effektler boýunça ýolbaşçy ýene-de birinji filmi döreden Takasi Ýamadzaki bolar. Filmiň mazmuny we çykjak senesi barada entek habar berilmeýär.
Geçenki “Minus bir” filmi 2023-nji ýylda çykyp, Toho studiýasy tarapyndan döredilen Godzilla barada 33-nji we bu gahrymanyň peýda bolýan 37-nji filmi boldy. Film Warner Bros.-yň Godzillaly we King-Kongly filmleri bilen baglanyşykly däl.
Filmiň wakasy uruşdan soňky Ýaponiýada ýaýbaňlanýar. Baş gahryman nägehan bilen ýüzbe-ýüz bolan we şikesden soňky alamatlardan ejir çekýän öňki uçarman-kamikadze boldy. Birnäçe ýyldan soň Godzilla dolanyp gelende harby topar ýurdy halas etmek üçin oňa garşylyk görkezmäge çalyşýar.
Filme Rýunoske Kamiki, Minami Hamabe, Ýuki Ýamada, Munetaka Aoki, Hidetaka Ýesioka, Sakura Ando we Kuranosuke Sasaki gatnaşdy. Film bütin dünýäde 116 mln dollar ýygnap, Godzilla barada iň girdejili ýapon filmi boldy we studiýa iň gowy effektler üçin “Oskar” baýragyny getirdi. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....