Türkmenistanyň DIM-nde Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

  • 07.11.2025 10:14
  • 2.2k+

5-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşler yzygiderli we depginli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki dialog bilen berkidilýän iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler.
Gepleşikleriň barşynda Ahal welaýaty bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda ozal gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany hasaba almak bilen, sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde özara gyzyklanmanyň bardygy aýratyn bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň we Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda geljegi uly bolan we özara bähbitli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen teklipler öňe sürüldi.
Saparyň çäklerinde Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary hem-de degişli ministrlikler we pudak edaralar ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....