Ýogynlygy bary-ýogy 6,6 mm bolan Huawei Mate 70 Air hödürlendi

  • 06.11.2025 19:02
  • 5.2k+

Huawei Hytaýda “taryhda iň inçe Mate” diýip atlandyrýan Mate 70 Air ultra inçe flagmanyny hödürledi.

Täze smartfonyň korpusynyň ýogynlygy bary-ýogy 6,6 mm boldy we bu iPhone Air bilen Galaxy S25 Edge-den sähel ýogyndyr. Ýöne işläp düzüjiler smartfonyň uzak işleýändigi we funksiýalary bilen öwnüp bilýär – Mate 70 Air 66 Wt çalt zarýad alyş goldawy bilen 6500 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe boldy.  
Smartfon durulygy 1,5K+ (2760 × 1320 piksel) we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 7 dýuýmlyk OLED displeýi bilen üpjün edildi. Frontal kamera 10,7 Mp bolup, ekranyň merkezi oýugynda ýerleşdirildi.


Smartfon HarmonyOS 5.1-iň dolandyrmagynda Kirin 9020B ýa-da Kirin 9020A çipsetlerinde (12 ýa-da 16 GB operatiw ýatly wersiýa baglylykda) işleýär. Ol Wi-Fi 7-ni, Beidou hemra aragatnaşygyny goldaýar we barmak yzynyň gapdal skaneri bilen üpjün edildi. Şeýle-de, IP69 boýunça suwdan we tozandan gorag bar.
Esasy kamera dört moduldan ybarat: uly sensorly 50 Mp esasy, 8 Mp ultra giňburçly, üç esse zum bilen 12 Mp teleobýektiw we 1,5 Mp multispektr datçigi.
Smartfon gara, ak we “kümüş parça” reňklerinde çykarylýar.
Bahalar:

  • 12+256 GB — 4199 ýuan (~590 dollar)
  • 12+512 GB — 4699 ýuan (~660 dollar)
  • 16+256 GB — 4699 ýuan (~660 dollar)
  • 16+512 GB  — 5199 ýuan (~730 dollar)

31.12.2025 08:10
3.4k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.8k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...