Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Si Szinpin bilen duşuşdy
31-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň ilkinji gününde “Meýszýan” sergi we maslahatlar merkezine bardy. Merkeziň foýesinde Türkmenistanyň Prezidentini HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy mähirli garşyladylar we bilelikde surata düşdüler...