Aşgabatda parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmek üçin halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 01.10.2025 13:09
  • 1.8k+

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Maslahata wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow, ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda giriş sözi bilen Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa çykyş edip, ony alyp bardy.
Çäräniň dowamynda wise-premýer R.Meredow, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy K.Imnadze, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili N.Saakýan, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili J.Ratna, şeýle hem Azerbaýjanyň ilçisi G.Gozalow, Gazagystanyň ilçisi N.Nogaýew, Gyrgyz Respublikasynyň ilçisi A.Madmarow, Täjigistanyň ilçisi W.Niýatbekzoda we Özbegistanyň ilçisi R.Alimow çykyş etdiler.
Maslahatda «Geljegiň Paktyny» durmuşa geçirilmegiň meselelerine aýratyn üns berlip, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde beýan eden ileri tutulýan garaýyşlarynyň onuň maksatlaryna we ýörelgelerine doly kybap gelýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, R.Meredow halkara hukugyny berkitmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlaryna, şol sanda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibe hem-de dünýäde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny giňden ulanmagyň ähmiýetine aýratyn üns çekdi.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe süren başlangyçlaryň häzirki zaman sebit we ählumumy hyzmatdaşlygynyň gün tertibini kemala getirýändigini bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......