Türkmenistanda Irlandiýanyň täze ilçisi Kler Brosnan işe başlady

  • 01.10.2025 12:39
  • 2.7k+

30-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Irlandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Kler Brosnandan ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomat milli parlamentiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Irlandiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň çäklerinde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
Kler Brosnan mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady we netijeli türkmen-irland gatnaşyklaryny dürli ugurlarda has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Şol gün ilçi şeýle hem Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi diplomatik işini Moskwa şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.


düýn 18:57
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
968

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
993

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......