Angliýada jaý ýetmezçiligini çözmek üçin 12 sany täze şäher gurlar

  • 01.10.2025 09:18
  • 5.2k+

Ýakyn ýyllarda Angliýada ýaşaýyş jaýlarynyň ýetmezçilik etmek meselesini çözmek üçin 12 sany täze şäher gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň maslahatynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, ilkinji üç şäheriň gurluşygy indiki saýlawlara çenli başlar diýip, Daily Mail ýazýar.

Täze şäherleriň döredilmegi leýboristleriň elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça maksatnamasyna girýär. Ozal dolandyryjy partiýa 2029-njy ýyla çenli 1,5 mln täze jaý gurmagy wada berdi. Taslamany taýýarlamak üçin bir ýyl ozal New Towns Taskforce iş topary döredildi. Öz çykyşynda Starmer onuň hasabatynyň netijelerine salgylandy.
Hökümet saýtynda ýerleşdirilen meýilnamalara görä, täze şäherleriň her birinde azyndan 10 müň jaý bolmaly. Ýaşaýyň jaýlarynyň 40%-i elýeterli jaýlar bolar, onuň ýarysy bolsa sosial jaýlar hökmünde gurlar.
Geljekki şäherler üçin ýerler Angliýanyň dürli sebitlerinde saýlandy. Esasy ýerler hökmünde Bedfordşir, Lids we Londonyň demirgazyk töwerekleri göz öňünde tutulýar. 


14.03.2026 00:49
5.8k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

26.11.2023 12:39
8.1k+

Daşary ýurtly işewürler Londonda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň görkezilişine baha berdiler

22-23-nji noýabrda Londonda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi we oňa türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklary boýunça köp sanly jogapkär adamlar gatnaşdy. Resmi wekiliýete hökümet wekillerinden başga-da...

22.12.2022 16:13
12k+

Angliýanyň banky Karl III-niň şekili goýlan kagyz puluň dizaýny bilen tanyşdyrdy

Angliýanyň banky Beýik Britaniýanyň täze patyşasy Karl III-niň şekili goýlan kagyz puluň dizaýny bilen tanyşdyrdy diýip, TASS habar berýär.  Patyşanyň şekili 5, 10, 20 we 50 funtluk kagyz pullarda peýda bolar,...

düýn 16:04
1.7k+

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» forumy täze mümkinçiliklere ýol açdy

Türkmenistanda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly II halkara forum geçirildi. Çäre 18-nji martda ýurduň Söwda-senagat edarasynda boldy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäginde guraldy...