ABŞ-da hökümet işini bölekleýin togtatdy: täze maliýe ýyly üçin býujeti ylalaşyp bolmady

  • 02.10.2025 17:55
  • 5.9k+

ABŞ-nyň Kongresi 1-nji oktýabrda başlan täze maliýe ýyly üçin býujeti ylalaşyp bilmedi. Hökümet işini bölekleýin togtatdy diýip, NBC News habar berýär.

Kongresiň iki palatasyna-da respublikanlar gözegçilik edýär. Ýöne Senatda kanun taslamasyny kabul etmek üçin 60 ses gerek, respublikanlar bolsa demokratlaryň goldawyny alyp bilmedi. Netijede, iki partiýanyň hem ähli teklipleri ahyrky möhlete birnäçe sagat galanda ret edildi.
Bu 2018-nji ýyldan bäri ilkinji şatdaun boldy. Şol wagt Donald Trampyň birinji prezidentlik möhletinde hökümet 35 gün – 2018-nji ýylyň 22-nji dekabryndan 2019-njy ýylyň 25-nji ýanwaryna çenli bölekleýin ýapyldy.
Resmi taýdan hökümetde döwlet gullukçylarynyň işini tölemek üçin serişde ýok. Döwlet işgärleriniň aglabasy – 750 töweregi adam wagtlaýyn tölegsiz rugsada iberiler. Has möhüm işgärler, şol sanda harby we lukmançylyk işgärleri zähmet haksyz işlemegini dowam eder.
Bu 1981-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň taryhynda 15-nji şatdaundyr. CNN her ýagdaýyň öz aýratynlyklarynyň bardygyny, ýöne raýatlaryň howpsuzlygyny we goragyny üpjün edýän gulluklaryň işlemegini dowam etdirýändigini belleýär. Şol bir wagtyň özünde hökümet işiniň togtamagy Kongresiň işine täsir edýär: başlangyçlary gözden geçirmek ikinji derejeli zada öwrülýär, býujetiň kabul edilmegi bolsa birinji orna çykýar.
Kongresiň býujet edarasynda hökümetiň işi dikeldilenden soň, şatdaun döwri işlemegi dowam etdirenleriň ählisine zähmet haklarynyň töleniljekdigi habar berildi. Wagtlaýyn işlemedik federal işgärler üçin umumy öwez tölegi, takmynan, 400 mln dollar bolar. Donald Tramp hökümetiň ýapylmagy sebäpli “köp” işgärleriň işden çykarylyp bilinjekdigini aýtdy.


19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......