“Sport ýyldyzy” HK “Jahan” döredijilik merkeziniň binalaryny we “Şehitler” metjidini döwrebaplaşdyrar

  • 02.10.2025 11:00
  • 6.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasynyň arasynda durmuş maksatly binalary gurmak we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn şertnama gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekmek dabarasy 1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Arkadag şäherinde geçirildi.

Şertnama laýyklykda, “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasyna “Jahan” döredijilik merkeziniň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäginde köpugurly sport toplumyny gurmak hem-de “Şehitler” metjidini döwrebaplaşdyrmak, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak wezipesi ynanyldy.
Munuň özi haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň geriminiň barha giňeýändiginiň aýdyň nyşanydyr.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......