Serdar Berdimuhamedow täze etrap kazyýetlerini we prokuraturalaryny döretmek hakynda resminamalara gol çekdi

  • 02.10.2025 09:49
  • 14k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly käbir etrap kazyýetlerini hem-de prokuraturalaryny döretmek hakynda kararlara gol çekdi.

Resminamalar «Kazyýet hakynda» hem-de “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda kabul edildi.
Resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazylarynyň we kazyýet işgärleriniň, şeýle hem prokuratura edaralarynyň umumy işgär sanynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etrap, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap we Garabekewül etrap, Mary welaýatynyň Oguzhan etrap kazyýetleri we prokuraturalary döredildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi resminamadan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizer.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......