Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonada ÝUNESKO-nyň MONDIACULT - 2025 maslahatyna gatnaşýar

  • 30.09.2025 18:18
  • 4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Ispaniýanyň Barselona şäherinde ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahaty (MONDIACULT-2025) geçirilýär. 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda dowam edýän maslahatda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ýolbaşçylyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berdiler.

Maslahatyň esasy maksady geljekki onýyllyklar üçin medeni syýasatyň ösüşiniň strategik ugurlaryny işläp taýýarlamakdan hem-de medeniýeti durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri hökmünde post-2030 ählumumy gün tertibine ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Bütindünýä maslahat her dört ýylda bir gezek geçirilýär we medeni syýasat ulgamynda dialog we hyzmatdaşlyk üçin öňdebaryjy halkara meýdança bolup hyzmat edýär. Maslahata ÝUNESKO agza döwletleriniň, assosirlenen agza ýurtlaryň we gurama agza bolmadyk ýurtlaryň wekilleri, şeýle hem BMG ulgamynyň edaralarynyň, hökümetara we halkara hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
160-dan gowrak döwletiň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilýän maslahatda halkara hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ugurlary, şol sanda medeni hukuklaryň üpjün edilmegi, sanly özgeriş, medeniýet bilen bilimiň özara gatnaşyklary, döredijilik senagatlarynyň ösüşi, medeniýetiň howanyň üýtgemeleri bilen baglanyşygy, çylşyrymly ýagdaýlarda medeni mirasy gorap saklamak hem-de emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň geljegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Maslahatyň çäklerinde ministrler derejesindäki dialoglar we birnäçe ugurdaş çäreler geçirilýär.
«Medeniýet we parahatçylyk» we «Medeniýet we bilim» atly birleşen mowzuklaýyn sessiýadaky çykyşynda M.Bäşimowa Türkmenistanyň Prezidentiniň baý taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga we wagyz etmäge, medeni dialogy berkitmäge hem-de medeni diplomatiýany işjeň ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň ähmiýetini nygtady.
Türkmenistanyň «MONDIACULT-2025» maslahatyna gatnaşmagy ählumumy medeni gün tertibini kemala getirmäge we medeniýet hem-de durnukly ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge mynasyp goşant boldy.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....