Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ýolbaşçylaryny Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady

  • 01.10.2025 12:33
  • 4.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany Hytaýyň soňky ýyllarda ykdysady ösüşde we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda ýeten sepgitlerine ünsi çekip, dostlukly ýurtda hytaý döwrebaplaşmasyny ilerletmek boýunça özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.

“Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde birek-birege özara goldaw berýärler, her ýyl söwda dolanyşygy artýar, medeni alyşmalar höweslendirilýär” diýlip, hatda bellenilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Týanszin şäherinde geçirilen ŞHG-niň sammitiniň işine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Pekinde Si Szinpin bilen hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, bu saparyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze itergi berjekdigine, şeýle hem dostluk, düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, Hytaýyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.


şu gün 11:28
259

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

düýn 12:54
4.6k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....