Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 29.09.2025 09:58
  • 3.2k+

28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumo bilen duşuşdy. Myhman baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Işewür Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini hem-de Aşgabadyň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özünde uly täsirleri galdyrandygyny buýsanç bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumy ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ileri tutulýan ugur bolup durýar. Ilatyň durmuşy we maddy hal-ýagdaýy köp babatda bu pudagyň ösüşine baglydyr.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz pudagy ösdürmäge, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we daýhanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Oba hojalyk toplumyny kämilleşdirmek, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalary, ilkinji nobatda, baý tejribesi we kämil tehnologiýalary bolan öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny aýdyp, “IGN FI” kompaniýasyny hem şolaryň hatarynda belledi.
Nygtalyşy ýaly, pudagyň sanlylaşdyrylmagy durnukly oba hojalygy üçin täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem takyk ekerançylyk we agronomiýanyň durnukly usullary ýaly innowasion tejribeleri ornaşdyrmaga şert döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.
Işewür Türkmenistanda oba hojalyk pudagy boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.
"IGN FI" — geoinformasion ulgamlary, sanly kartalary we tebigy serişdeleriň gözegçilik çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan fransuz kompaniýasy. Kompaniýa dürli ýurtlarda suw serişdelerini dolandyrmak, oba hojalygy we ekologiýa ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmek bilen meşgullanýar.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......