Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça ulaglaryň hereketi dolulygyny dikeldildi

  • 30.09.2025 19:03
  • 12k+

Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Atamyrat Nyýazow we Arçabil şaýollarynyň çatrygynyň aralygyndaky ulaglaryň hereketi doly dikeldildi. Bu barada Aşgabat şäher häkimligi habar berýär.

Öň, bu bölek 6-njy awgustdan başlap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk dabaralaryna taýýarlygyň çäklerinde giň möçberli abadanlaşdyryş işleri üçin bölekleýin ýapylypdy.
Häzirki wagtda meýilleşdirilen ähli işler tamamlanyp, Aşgabadyň merkezinde ulaglaryň hereketi ýaşaýjylaryň we myhmanlaryň has amatly gatnawyny üpjün etmek üçin doly açyldy.
Abadanlaşdyryş işleriniň dowamynda ýol örtügi, pyýada ýodalary, yşyklandyryş täzelendi, şeýle hem bag nahallary oturdyldy. Bu çäreler şäher infrastrukturasyndaky şertleri ep-esli gowulandyrdy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......