Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisini belledi

  • 04.10.2025 11:07
  • 7.6k+

3-nji oktýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda wezip üýtgeşmelerini geçirdi.

Gol çekilen resminamalara laýyklykda, Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazow Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Ondan öň, M.Aýazow Türkmenistanyň Ermenistandaky we Liwan Respublikasyndaky ilçisi wezipelerini ýerin ýetirýärdi.
Şeýle hem Orazmuhammet Atajanowiç Çaryýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri), Bahreýn Patyşalygyndaky, Palestina Döwletindäki, Iordaniýa Haşimit Patyşalygyndaky, Oman Soltanlygyndaky, Müsür Arap Respublikasyndaky ilçisi hem-de Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerinden boşadyldy.


düýn 19:38
4.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......