Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşulularyny we enelerini baýramçylyk bilen gutlady

  • 01.10.2025 12:14
  • 7.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hormatly ýaşulularyny we mähriban enelerini Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlady.

Döwlet Baştutanynyň gutlagynda belleýşi ýaly, ýaşululara çäksiz hormatyň nyşany hökmünde Aşgabat we Arkadag şäherlerini, tutuş ýurdumyzy gurşap alýan aýdym-sazly dabaralar hem-de baý many-mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär.

"Biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasynda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň bähbidi durýar. Şundan ugur alyp, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy üçin ähli zerur şertleri döredýäris, ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, ýaşuly nesillerimiz hakynda uly alada edýäris" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow agzybirligimizi has-da pugtalandyrmakda, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde jemgyýetimiziň ýaşuly nesliniň wekilleriniň aýratyn uly ornunyň bardygyny belleýär.

"Siziň parasatly wesýetleriňiz, öwüt-ündewleriňiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetlerini, watansöýüjiligiň belent düşünjelerini özünde jemleýän, ynsanperwer ýörelgelerimize, asylly däp-dessurlarymyza ygrarly ogul-gyzlary terbiýelemekde özboluşly mekdepdir".
"Agzybirligimizi pugtalandyrmakda hem-de täze sepgitlere tarap ynamly öňe gitmekde, ýaş nesillerimizde Watanyň mukaddesligi, gymmaty hakyndaky düşünjeleri, belent ahlagy we milli häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn hyzmatlary bitiren dilleri senaly ýaşuly nesliň wekillerine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adynyň dakylmagy hem-de «Zenan kalby» ordeniniň dabaraly gowşurylmagy has-da guwandyryjydyr" diýlip, gutlagda bellenilýär.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......