ABŞ-nyň federal agentlikleri bary-ýogy 42 sente Ilon Maskyň Grok çat-botuna elýeterli bolar

  • 29.09.2025 08:58
  • 3k+

Ilon Maskyň xAI startapy ABŞ-nyň Umumy gulluklar edarasy (GSA) bilen federal agentlikleriň Grok çat-botuny ulanmagy barada şertnama baglaşdy.

GSA-nyň habaryna görä, şertnama 2027-nji ýylyň martyna çenli hereket eder. Döwlet edaralary Grok-a elýeterli bolmak üçin gurama başyna bary-ýogy 42 sent tölär. Deňeşdirmek üçin, OpenAI-iň ChatGPT çat-botuna elýeterlilik guramalar üçin ýylda bir dollara barabar diýip, GSA belledi.
Şertnama logiki pikir ýöretmeler üçin iň ösen diýlip hasaplanýan Grok 4 bilen Grok 4 Fast modellerine degişlidir. Mundan başga-da, kompaniýanyň inženerleri döwlet edaralaryna tehnologiýany ornaşdyrmaga we sazlamaga kömek eder.
Federal agentlikler Grok-yň federal howpsuzlyk ülňülerine laýyk gelýän korporatiw wersiýalaryna-da geçip biler. Şeýle wersiýalar giňeldilen funksiýalary hödürlemek bilen, ulanyş çägini artdyrýar.
Şertnama ABŞ-nyň hökümetiniň emeli aňy döwlet gurluşlaryna işjeň ornaşdyrmaga ýykgyn edýändigini görkezýär we öňdebaryjy EA işläp düzüjileriniň arasynda federal edaralar bilen hyzmatdaşlyk üçin bäsdeşligi güýçlendirýär. 


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......