“Barselonany” gyzyklandyran Niko Uilýams “Atletik” bilen şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy
Bilbaodan “Atletik” futbol kluby ispaniýaly ýarymgoragçy Niko Uilýams bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Täze şertnama 2035-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Bellenilişi ýaly, 22 ýaşly futbolçynyň şertnamany möhletinden ir ýatyryp, başga bir kluba geçmegi üçin tölemeli mukdar 50%-den gowrak ýokarlandy...