Ýylyň ilkinji El-Klasikosy ýakynlaşýar: haçan we nirede görmeli?

  • 10.01.2025 16:57
  • 12k+

Öňümizdäki dynç günleri Ispaniýanyň Superkubogynyň final oýny bilen tamamlanar. Kubok üçin Madridiň “Realy” we “Barselona” göreşer.

Oýun 13-nji ýanwara geçilýän gije sagat 00:00-da başlar we “Матч ТВ” telekanalynda göni ýaýlymda görkeziler.
Superkubok üçin ýaryşyň birinji ýarym final duşuşygynda “Barselona” Bilbaodan “Atletik” klubuny 2:0 hasabynda utdy. Gol bilen gök-gyzyllaryň ýarymgoragçysy Gawi we gyraky hüjümçisi Lamin Ýamal tapawutlandy.
Ikinji ýarym final oýnunda Madridiň “Realy” “Malýorkany” 3:0 hasabynda utdy. Gollary öz hasabyna ýarymgoragçy Jud Bellingem, winger Rodrigo Goes ýazdy, bir gol hem “Malýorkanyň” goragçysy Martin Walýentanyň awtogoly bilen gazanyldy.
“Real” Ispaniýanyň Superkubogynyň häzirki eýesidir. Geçen ýaryşyň finalynda "Real" katalon klubuny 4:1 hasabynda utdy. Ýöne “Barselona” tituly rekord 14 gezek gazandy, “Realyň” hasabynda 13 ýeňiş bar. 


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......