“Barselona” geçen möwsümiň jemi boýunça 91 mln ýewro möçberde ýitgi çekdi

  • 02.10.2024 13:46
  • 5.2k+

Ispaniýanyň “Barselonasy” 2023/24 möwsüminiň jemi boýunça 91 mln ýewro möçberde ýitgi çekdi. Bu futbol klubunyň saýtynda ýerleşdirilen hasabatdan gelip çykýar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Şeýle-de, klub möwsümiň jemi boýunça hemaýatkärlerden (210 mln), transferlerden (80 mln) hem-de merçendaýzing bilen meşgullanýan golçur kompaniýanyň dolanyşygyndan (110 mln) rekord girdejileri gazandy. Klubuň zähmet tölegi gaznasy 670 mln ýewrodan 500 mln ýewro çenli azaldyldy.
Topar indiki möwsümiň ikinji ýarymynda “Kamp Nouwa” gaýdyp gelip, petek satuwyndan girdejini artdyrmagy meýilleşdirýär. Häzirki möwsümde toparyň hemaýatkärlik girdejisiniň 250 mln ýewro möçberde bolmagyna garaşylýar, zähmet tölegi gaznasy bolsa 500 mln ýewro möçberde galar.
Geçen möwsümde “Barselona” La Liganyň ýaryş jedwelinde ikinji orny eýeledi we 1/4 final tapgyrynda Çempionlar ligasyndan çykdy.


düýn 23:41
2.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......