“Realyň” prezidenti Peres ähli döwrüň iň gowy futbol klubunyň ýolbaşçysy diýlip ykrar edildi

  • 28.12.2024 20:54
  • 14k+

27-nji dekabrda BAE-de Globe Soccer Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Onda Madridiň “Realynyň” oýunçylaryndan we tälimçisinden başga-da, abraýly baýrak bilen klubuň prezidenti Florentino Peres hem sylaglandy.

Ispaniýaly telekeçi Grupo ACS gurluşyk kompaniýasynyň başlygydyr. Ol 2009-njy ýyldan bäri “Real Madrid” futbol we basketbol klubuna ýolbaşçylyk edýär (mundan öň 2000-2006-njy ýyllarda kluba ýolbaşçylyk etdi).
2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda “patyşalyk” kluby Ispaniýanyň Superkubogynda ýeňiş gazanandan soň, Florentino Peres resmi taýdan klubuň taryhynda iň köp titula eýe bolan prezident bolup, 32 tituly bolan Santýaga Bernabeunyň üstünliginden öňe geçdi. Şondan bäri Madrid klublary ýene birnäçe baýraga mynasyp boldy.
Häzirki wagtda “Real” 18 tapgyrdan soň 40 utuk bilen ispan Premýerasynyň ýaryş jedwelinde ikinji orny eýeleýär. Çempionatyň öňdebaryjysy madridlilerden bir utuk öňde barýan “Atletikodyr”.
“Realyň” Ispaniýanyň çempionatynyň çäklerinde indiki oýny 3-nji ýanwarda “Walensiýa” garşy geçiriler.


düýn 22:49
2.7k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......