Winisius, Ançelotti we “Real” Globe Soccer Awards baýraklaryna eýe boldular

  • 28.12.2024 20:27
  • 13k+

Madridiň “Realynyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Winisius Žunior Globe Soccer Awards tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy we hüjümçisi diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 27-nji dekabrda BAE-de geçirildi.

2024-nji ýyl möwsüminde Winisius ähli ýaryşlarda “Realyň” we milli ýygyndynyň düzüminde 34 gol geçirdi we 16 assist bilen tapawutlandy. Ol “Reala” La Ligada, Çempionlar ligasynda, Ispaniýanyň we UEFA-nyň Superkuboklarynda, şeýle-de Yklymara kubokda ýeňiş gazanmaga kömek etdi.
Onuň topardaşy, angliýaly ýarymgoragçy Jud Bellingem ýylyň iň gowy ýarymgoragçysy diýlip ykrar edildi. Bellingem klub we milli ýygyndy üçin 17 gol we 17 assist bilen tapawutlandy.
“Realyň” özi ýylyň iň gowy kluby adyny aldy. Karlo Ançelottiniň ýolbaşçylygynda topar möwsümde bäş titul, şol sanda Çempionlar ligasynda we La Ligada ýeňiş gazandy.
Ançelotti hem dabarada baýraksyz galmady – italiýaly hünärmen ýylyň iň gowy tälimçisi boldy.
Iň gowy ýaş oýunçy hökmünde Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen Ýewropa çempiony bolan 17 ýaşly Lamin Ýamal saýlandy.
Globe Soccer Awards dabarasy her ýyl dünýä futbolynda gazanylan ajaýyp üstünlikleri ykrar edýär.


düýn 22:49
3.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......