Şu gün “El-Klasiko”: “Real” – “Barselona” oýnuny nirede we haçan görmeli

  • 26.10.2024 16:18
  • 11k+

Şu agşam ispan La Ligasynda Madridiň “Realy” bilen Kataloniýanyň “Barselonasynyň” arasynda duşuşyk bolar. Oýun çempionatyň 11-nji tapgyrynyň çäklerinde Madriddäki “Santýago Bernabeu” stadionynda geçiriler.

Jürlewük sesi Aşgabat wagty bilen ýarygije ýaňlanar.
Oýna göni ýaýlymda “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda tomaşa etmek bolar. Şeýle-de, oýny “Матч ТВ” rus teleýaýlymy görkezer.
Häzirki wagtda çempionatyň ýaryş jedwelinde “Barselona” 27 utuk bilen birinji orny eýeleýär. “Real” ikinji orunda ýerleşýär. Madrid klubunyň hasabynda 24 utuk bar.
Geçen möwsümde “Real” we “Barselona” üç gezek duşuşdy: iki gezek – Ispaniýanyň çempionatynda, ýene bir oýun Superkubokda boldy, oýunlaryň üçüsi-de “Realyň” ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy – degişlilikde 2:1, 3:2 we 4:1.
“Real” La ligada 42 oýun bäri utulman gelýär. Bu görkeziji boýunça rekord bolsa “Barselona” degişli – 43 oýun.
Şu hepde iki topar hem Çempionlar ligasynda nemes klublaryny uly hasap bilen utdular. “Real” “Borussiýadan” (5:2), “Barselona” “Bawariýadan” (4:1) üstün çykdy.


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......