Madridiň “Realynda” klubuň prezidentini saýlamak işleri başlandy

  • 09.01.2025 16:06
  • 7.5k+

Madridiň “Realynda” klubuň prezidentini saýlamak işleri başlandy. Klubuň resmi saýtynda täze prezidentiň ýanwar aýynyň ahyryna çenli bellenjekdigi habar berilýär.

“Prezident şu gün geçirilen müdirler geňeşiniň mejlisini diňledi we “Real” futbol klubunyň düzgünnamasynyň 38-nji maddasyna laýyklykda, Saýlaw komissiýasyna prezidentiň we müdirler geňeşiniň saýlawlary üçin çagyryş işine başlamagy tabşyrdy” – diýlip, metbugat relizinde aýdylýar.

Dalaşgärlerden arzalaryň kabul edilmegi 8-nji ýanwardan 18-nji ýanwara çenli dowam eder. Eger ýekeje dalaşgär hem bolmasa, 77 ýaşly Florentino Peres prezident wezipesinde ýene dört ýyl galar. Ol “Realyň” prezidenti wezipesini 2009-njy ýyldan bäri eýeleýär – şol ýyl ol ýeke-täk dalaşgärdi. 2013-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda-da onuň garşydaşy bolmady.
Häzirki wagtda “Real” La Ligada 19 oýundan soň 43 utuk bilen öňde barýar.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......