“Barselona” Kwarasheliýa bilen gepleşik geçirýär: klub gyraky hüjümçi we goragçy gözleýär

  • 16.11.2024 07:28
  • 5.6k+

“Barselona” futbol klubunyň ýolbaşçylary ýetip gelýän transfer penjiresi üçin esasy maksatlary kesgitlediler. Ispaniýanyň Sport.es neşiriniň habaryna görä, kataloniýalylar ýokary mümkinçilikleri bolan çep winger we iki sany gyraky goragçy gözleýärler.

Klubuň esasy maksatlarynyň biri hem "Napoli" klubunyň gruziýaly hüjümçisi Hwiça Kwarasheliýadyr. La Gazzetta dello Sport-uň habaryna görä, klubuň wekilleri mümkin bolup biljek transferi maslahatlaşmak üçin 23 ýaşly oýunçy bilen habarlaşdylar.
Futbolçynyň “Napoli” kluby bilen baglaşan şertnamasy 2027-nji ýyla çenli dowam edýär we Transfermarkt portalynda oýunçynyň bazar bahasy 80 million ýewro deňdir.
Çep tarapky goragçy ornuny güýçlendirmek üçin “Barselona”, esasan, ýaş oýunçylary göz öňünde tutýar: “Bawariýadan” 24 ýaşly Alfonso Dewis, “Benfikadan” 21 ýaşly Alwaro Karreras we “Feýenoorda” degişli, ýöne “Wulwerhempton” üçin oýnaýan 22 ýaşly Ugo Bueno.
Sport.es Dewis bilen gepleşikleriň kyn bolup biljekdigini belleýär. Munuň sebäbi, oýunçynyň Madridiň “Realyna” geçmek islegi we ýokary aýlyk talaplarydyr.
“Barselona” häzirki wagtda 33 utuk bilen Ispaniýa çempionatynda birinji ýerde durýar. “Real” ikinji ýerde (27 oçko), Madridiň “Atletikosy” bolsa üçünji ýerde durýar (26 oçko).


düýn 23:41
2.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......