Ýewropanyň 5 ligasynda ortaça görkezijisi boýunça möwsümiň iň gowy 10 oýunçysy saýlandy

  • 18.10.2024 11:09
  • 8k+

WhoScored internet portaly häzirki möwsümiň ilkinji aýlarynyň netijesi boýunça Ýewropanyň iň gowy 10 oýunçysynyň sanawyny düzdi. Bu reýtingde birinji orny “Aýntrahtyň” 25 ýaşly müsürli hüjümçisi Omar Marmuş eýeleýär, ol klub üçin ähli ýaryşlarda dokuz oýunda dokuz gol geçirdi we alty assist etdi. Marmuşyň ortaça görkezijisi 8,49 boldy.

Internet portaly boýunça iň gowy 10 oýunçy:

  1. Omar Marmuş (“Aýntraht’) – 8,49
  2. Bukaýo Saka (“Arsenal”) – 8,25
  3. Lamin Ýamal (“Barselona”) – 8,19
  4. Erling Holand (“Mançester Siti”) – 8,11
  5. Koul Palmer (“Çelsi”) – 7,96
  6. Rafinýa (“Barselona”) – 7,93
  7. Harri Keýn (“Bawariýa”) – 7,92
  8. Usman Dembele (“PSŽ”) – 7,92
  9. Florian Wirs (“Baýer”) – 7,91
  10. Jowani Lo Çelso (“Betis”) – 7,91

Belläp geçsek, bu reýtingde diňe Angliýanyň Premýer-liga, Fransiýanyň Liga 1, Germaniýanyň Bundesliga, Italiýanyň Seriýa A we Ispaniýanyň La Liga ligalaryndan oýunçylar görkezildi.


düýn 20:02
7.2k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....

düýn 11:22
5.5k+

Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar

Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy....

15.05.2026 17:43
3.2k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

15.05.2026 08:01
2.8k+

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......