Florentino Peres Madridiň “Realynyň” prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

  • 20.01.2025 18:42
  • 7.3k+

Madridiň “Realynyň” ýolbaşçysy Florentino Peres klubuň prezidenti hökmünde ýedinji möhlete gaýtadan saýlandy. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi.

“Realyň” häzirki prezidenti öz wezipesini 2029-njy ýyla çenli dowam etdirer. Florentino Peres bu wezipä dalaş edýän ýeke-täk dalaşgärdi.
Ispaniýaly gurluşyk telekeçisi we sport işgäri 2000-2006-njy ýyllar aralygynda “Realyň” prezidenti bolup işledi we 2009-njy ýylda gaýtadan saýlandy.
Madridiň “Realy” 46 utuk bilen 2024/25 möwsümiň La Ligasynda öňdeligi eýeleýär. Indiki tapgyrda Karlo Ançelottiniň topary “Walýadolid” bilen oýnar.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......