“Barselonanyň” Dani Olmony we Pau Wiktory hasaba almak arzasy ret edildi

  • 05.01.2025 23:00
  • 5.6k+

Patyşalyk ispan futbol federasiýasy (RFEF) düzgün çäklendirmeleri sebäpli “Barselonanyň” 2024/2025 möwsüminiň ikinji bölegi üçin Dani Olmony we Pau Wiktory hasaba alyp bilmejekdigini tassyklady. RFEF bilen La Liganyň arasyndaky utgaşdyryjy şertnama gözegçilik boýunça komitet klubuň oýunçylary hasaba almak arzasyny ret etdi.

“Gözegçilik boýunça komitet, ygtyýarnamasy ýatyrylan oýunçylara şol möwsümiň dowamynda eýýäm gatnaşan şol bir klubunda ygtyýarnama almaga mümkinçilik bermeýän RFEF-iň umumy düzgünleriniň 130.2 we 141.5-nji maddalaryna laýyklykda, “Barselona” futbol kluby tarapyndan oýunçylar Dani Olmo we Pau Wiktor üçin soralan deslapky tassyklamany ýa-da gutarnykly ygtyýarnamany bermezlik kararyna geldi” – diýlip, RFEF-iň beýanynda aýdylýar.

La Liganyň maglumatlaryna görä, ret etmegiň sebäpleriniň biri maliýe çäklendirmeleri boldy. Ýaryşyň düzgüni täze düzümiň bahasynyň kesgitlenen çäge laýyk gelmegini talap edýär. Olmo we Wiktor bilen bagly ýagdaýda, “Barselona”, La Liganyň pikiriçe, bu çäkden çykdy.
Habar berlişi ýaly, Olmonyň şertnamasynda oňa, eger klub ony möwsümiň ikinji bölegi üçin hasaba almasa, mugt gitmäge mümkinçilik berýän ýagdaý göz öňünde tutulandyr.
Şol bir wagtyň özünde, “Barselona” topar düzümi üçin oýunçylaryň gitmegi bilen tygşytlanan (“tygşytlanan” diýlip giden oýunçylaryň zähmet haklary we olaryň transferinden alnan girdejiler göz öňünde tutulýar) serişdeleri sarp etmäge mümkinçilik berýän “1-e 1” düzgünine gaýdyp geldi. Bu “Kamp Nouda” VIP orunlary satmak baradaky şertnama bilen mümkin boldy. Şertnamanyň netijesinde klub maýadarlaryň birinden 28 mln ýewro aldy.


düýn 22:01
3.3k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
7.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

08.06.2026 12:42
9.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......