“Barselona” El-Klasikoda Coldplay rok-toparyna bagyşlanan ýörite eşik toplumynda oýnar

  • 18.10.2024 10:19
  • 7.2k+

“Barselona” Spofity aýdym-saz platformasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde başlanan esasy oýunlar üçin özboluşly eşik toplumyny döretmek däbini dowam etdirýär.

26-njy oktýabrda Kataloniýa kluby myhmançylykda Madridiň “Realy” bilen duşuşar. Ispaniýanyň çempionatynyň çäklerinde möwsümiň iň esasy oýunlarynyň birini “Barselona” Britaniýanyň Coldplay rok-toparynyň täze “Moon Music” albomyna bagyşlanan ýörite eşikde geçirer.
Täze eşik toplumy 18-nji oktýabrda hödürlener, şondan soň çäkli mukdarda satuwa çykarylar.
“Barselonanyň” zenanlar topary hem 2-nji noýabrda “Eýbara” garşy oýunda şu eşik toplumynda çykmagy meýilleşdirýär.
Geçen möwsümde “Barselonanyň” oýunçylary Madrid kluby bilen oýunlarda meýdança Pink Floyd we Rolling Stones toparlarynyň logotipi bilen çykypdy.


Kataloniýa kluby häzirki möwsümi ähli ýaryşlarda 11 oýunda 9 ýeňiş gazanyp üstünlikli başlady. Klub La Liganyň ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär we “Realdan” üç utuk öňdedir. 
Geljekki “El-Klasiko” “Realyň” Ispaniýanyň çempionatynda utulyşsyz tapgyr boýunça rekorda golaýlaýandygy bilen hem gyzyklanma döredýär. Häzir rekord “Barselona” degişli – 2017-nji ýylyň aprel aýyndan 2018-nji ýylyň maý aýyna çenli 43 oýun utulyşsyz. Eger ýekşenbe güni “Real” “Seltadan” utulmasa, “Barselona” bilen duşuşyk onuň üçin tapgyrda 43-nji bolar.


düýn 23:41
2.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......