La Liganyň täze düzgünleri: 2024/25 möwsüminde oýun nähili üýtgär

  • 15.08.2024 12:32
  • 13k+

2024/25 möwsüminde Ispaniýanyň futbol çempionatynyň düzgünlerine birnäçe üýtgeşmeler girizildi diýip, Sports.ru habar berýär.

Esasy täzelikler: 

  • Altynjy çalşyrma: Toparlara oýunçy beýni sarsgynyny alan ýagdaýynda, altynjy gezek oýunçy çalyşmaga rugsat berilýär.
  • El bilen oýnamak: Topuň ele degmegi, eger el tebigy däl ýagdaýda bolsa ýa-da el topa tarap bilkastlaýyn hereket etdirilse, düzgün bozulma hasaplanar. Şeýle-de, gola ýa-da gol geçirimine getiren islendik topa el degmeler, şol sanda tötänleýin ýagdaýlar düzgün bozulma hasaplanar.
  • Kadadan çykmalar: Topa eliň degmegi, eger el bedene ýakyn bolsa, tebigy ýagdaýda duran bolsa, eger top oýunçy ýykylanda direg ele degse ýa-da top topardaşyň eline tötänleýin degenden soň gol girizilse, topa degme göni gola getirmedik ýagdaýynda düzgün bozulma hasaplanmaz.
  • Oýunda türgenleşik: Futbol meýdançasynyň türgenleşik zolagynda bir wagtyň özünde bolup biljek bir toparyň oýunçylarynyň sany 3-den 5-e çenli artdyrylar.
  • VAR: Ispaniýanyň Tehniki eminler komiteti VAR-yň minimal gatyşygyny maslahat berýär, wideo kömekçiler diňe penaltä getirip biljek aýdyň we göz-görtele hereketler bolan ýagdaýynda gatnaşarlar. VAR emin tarapyndan sähel galtaşyk üçin penalti bellenilen ýagdaýynda goşulmaly.
  • Galtaşyk: Indi eminler sähel gatlaşyk üçin oýunçylara seýrek jeza bererler.
  • Ofsaýd: Ofsaýdy ýarym awtomatiki kesgitlemegiň ulgamy girizilýär.
  • Jerimede göreş: Jerimede islendik göreş hereketi duýduryş bilen jezalandyrylar.
  • Eminler bilen aragatnaşyk: Eminiň ýanyna düşündiriş üçin diňe toparyň kapitany baryp biler.

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......