"Real" "Bernabeuda" geçiren her duşuşygynda 10 mln ýewro gazanýar: möwsümde 307 mln ýewro

  • 11.02.2025 14:29
  • 7.8k+

“Santýago Bernabeu” stadiony Madridiň “Realy” üçin möhüm girdeji çeşmesi bolmagynda galýar. Marca neşiriniň maglumatlaryna görä, stadion 2023/24 möwsüminde kluba 307 million ýewro getirdi.

Görkezilen mukdar oýun günlerinden gelýän girdejileri, gezelençlerden we beýleki çärelerden gelýän girdejini öz içine alýar. Orta hasap bilen, öz meýdançasynda geçiren her duşuşygy “Reala” 10 million ýewro getirdi, “Bernabeuda” jemi 25 oýun geçirildi, şondan klub 248 million ýewro gazandy.
Girdejiniň 2024/25 möwsüminde 354 million ýewro çenli ýokarlanmagyna garaşylýar, bu bolsa klubuň umumy çak edilýän 1,127 milliard ýewro býujetiniň 29 göterimini emele getirýär. Ösüş gatnaşyjylaryň sanynyň artmagy, petekleriň bahasynyň we häzirki wagtda 83 million ýewro diýlip çak edilýän VIP myhmanlardan gelýän girdejiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly.
“Real” ozal Madridiň häkimiýetiniň goh-galmagalyň derejesi bilen bagly talaplary sebäpli, oktýabr-mart aýlarynda stadiondaky konsertlerini ýatyrdy. Şeýle hem klub arenanyň üçeginiň astynda bar-restoran açmaga taýynlanýar, ýöne onuň gurluşyk möhletleri birnäçe gezek yza tesdirildi, bu bolsa potratçy bilen arasynda kazyýet işiniň döremegine sebäp boldy.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....