“Barselona” Olmo bilen Wiktory möwsümiň ikinji bölegi üçin hasaba almaga wagtlaýyn rugsat aldy

  • 09.01.2025 17:56
  • 9.2k+

“Barselona” ýarymgoragçysy Dani Olmony we hüjümçisi Pau Wiktory hasaba almak üçin wagtlaýyn ygtyýarnama aldy. Olar indi möwsümiň galan böleginde klub üçin çykyş edip bilerler. Patyşalyk ispan futbol federasiýasy (RFEF) bilen La Liga futbolçylary hasaba almakdan ýüz öwrenden soň, katalon kluby şikaýat arzasy bilen Ispaniýanyň Ýokary sport geňeşine (CSD) ýüz tutdy, ol hem arzany kanagatlandyrdy diýip, AS habar berýär.

Işe garamaklyk ýene birnäçe aý dowam edip biler, CSD “klub hem oýunçylar üçin düýpli ykdysady we sport ýitgisine” ýol bermezlik maksady bilen futbolçylaryň wagtlaýyn hasaba alynmagyna rugsat berdi.
Hasaba almak bilen bagly kynçylyklar maliýe fair play düzgünleri sebäpli ýüze çykdy. “Barselona” Olmony 2024-nji ýylyň tomsunda “Leýpsigden” 55 mln ýewro satyn aldy, ýöne zähmet haklarynyň soňky derejesini ýerine ýetirmekde kynçylyklar ýüze çykdy. Oýunçylary satmak we käbir futbolçylaryň şikes almagy bilen meseläniň wagtlaýyn çözgüdi tapyldy. Ýöne 31-nji dekabrda wagtlaýyn hasaba alyş möhleti tamamlandy we klub ýene-de kynçylyklara sezewar boldy.
RFEF “Barselonanyň” Nike bilen täze şertnamasyny göz öňünde tutmakdan ýüz öwürdi. Kluba “Kamp Nou” stadionynda VIP orunlaryň satuwy maliýe serişdelerini tapmaga kömek etdi, ýöne hasaba almak meseleleri futbolça bir möwsümiň çäginde bir klub bilen iki dürli hasaba alyş ygtyýarnamasy bilen baglanyşmagy gadagan edýän RFEF-iň düzgünleri sebäpli çözülmän galdy.
Olmo we Wiktor Ispaniýanyň Superkubogy ugrunda ýaryşda Bilbaonyň “Atletigi” bilen ýarym finalda oýnamadylar. Munuň sebäbi CSD-niň çözgüdi oýun üçin sanaw berlenden soň belli boldy (duşuşyk “Barselonanyň” 2:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy). Ýöne finala futbolçylaryň ikisi-de gatnaşar. Toparyň garşydaşy 10-njy ýanwara geçilýän gije ýarym final oýnunda duşuşjak “Real” ýa-da “Malýorka” bolar. 


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......