“Barselona” “Kamp Nou” stadionyndaky VIP orunlaryny 100 mln ýewro satdy

  • 18.01.2025 23:22
  • 8k+

“Barselona” futbol kluby “Kamp Nou” stadionyndaky 475 VIP orny satdy. Ýakyn Gündogardan iki maýadarlar topary bilen baglaşylan şertnama kluba 100 mln ýewro getirer diýlip, klubuň beýanynda aýdylýar.

“Barselona soňky aýlarda klubuň üstünde işlän we ahyrky netijede La Liganyň maliýe fair play düzgünleriniň berjaý edilmegine gaýdyp gelmek üçin açar bolan amalyň çäklerinde “Kamp Noudaky” VIP orunlary satandygyny mälim edýär. Klub Ýakyn Gündogardan iki aýry maýadarlar topary bilen 475 orunlyk şertnama baglanyşdy. Hereket ediş möhleti – 30 ýyl” – diýip, klub habar berýär.

Şertnama orunlary uzak möhletleýin ulanmak hukugy üçin bir gezeklik tölegi göz öňünde tutýan Personal Seat License (PSL) modeli boýunça baglaşyldy.
VIP orunlaryň satylmagy klub üçin täze maddy däl aktiwleri döredýär we maliýe töwekgelçiligini azaldýar. Maýadarlar orunlary ulanyp ýa-da gaýtadan satyp biler, klub bolsa şertnamanyň möhleti üçin kepillendirilen girdejini alýar. Maýadarlaryň atlary äşgär edilmeýär, ýöne olaryň klubuň talaplaryna laýyk gelmek barlagyndan geçendigi habar berilýär.
Şeýle-de, “Barselona” 2024/2025 möwsümi üçin satylan abonementleriň mukdary boýunça ilkinji onluga girmän, 22 600 abonement bilen 15-nji orunda ýerleşdi.
Häzirki wagtda “Kamp Nouwyň” durky täzelenýär, şonuň üçin “Barselona” oýunlary 49 000 tomaşaça niýetlenen “Olimpik Lýuis Kompanis” stadionynda kabul edýär. Toparyň öz stadionyna 2025-nji ýylyň aprel aýynda gaýdyp barmagyna garaşylýar.
“Barselona” 1899-njy ýylda esaslandyryldy. Klubuň hasabynda jemi 107 kubok bar we bu ispan klublarynyň arasynda iň gowy görkezijidir. Titul sany boýunça ikinji orunda 106 kubok bilen Madridiň “Realy” ýerleşýär. Üçünji orunda – “Atletik Bilbao” (36).
Häzirki möwsümde “Barselona” La Liganyň 19-njy tapgyrynyň jemi boýunça ýaryş jedwelinde 38 utuk bilen üçünji orny eýeleýär. Birinji orunda “Atletiko” (44), ikinji orunda “Real” (43) ýerleşýär. “Barselonanyň” indiki oýny 18-nji ýanwarda “Hetafe” garşy bolar. 


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......