“Real” öz stadionyna bagyşlanan dizaýn bilen 2025/26 möwsüminiň eşik toplumyny görkezdi

  • 11.06.2025 12:13
  • 8.2k+

Madridiň “Realy” adidas tarapyndan taýýarlanan 2025/26 möwsüminiň öý eşik toplumyny görkezdi. Dizaýn “Santýago Bernabeu” stadionynyň taryhyndan ylham alyp, klubuň mahsus reňklerini döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrýar.

Köýnekçe gara we altynsow çyzyklar hem-de nokat görnüşli nagyşlar bilen ak reňkde ýerine ýetirildi. Şeýle dizaýn ozal 2009/10 möwsüminde, kluba Kriştianu Ronaldu gelende hem ulanylypdy.

“Bu köne we döwrebap stadionlaryň elementlerini utgaşdyrýan häzirkizaman we nepis toplumdyr. Köýnekçede tugranyň reňkinden ylham alan sary jähek we aýlawly ýaka bar. Häzirkizaman materiallaryndan taýýarlanmak bilen, ol howany gowy geçirmek we oýun wagtynda oýunçylara salkyn bolmagyny üpjün etmek üçin adidas-yň iň täze tehnologiýalary bilen üpjün edildi” – diýlip, klubuň habarynda aýdylýar.

Topluma ak şortylar we goýy çal bezegli getralar goşuldy.
Mundan başga-da, adidas we “Real” 2010-njy ýyllaryň başyndaky stilde “Urban Purist” kapsula kolleksiýasyny çykardy. Oňa neon öwüşginli ak-çal we goýy gök reňkli sport kostýumlary, hudi, köýnekçeler we şortylar girdi.

Täze eşikde “Realyň” 14-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriljek Klublaýyn dünýä çempionatynda oýnamagyna garaşylýar. Toparçada topar “Al-Hilýal” (18-nji iýun), “Zalsburg” (22-nji iýun) we “Paçuka” (26-njy iýun) bilen duşuşar



şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....