"Real" şikesler sebäpli, bir oýunda üç futbolçysyny ýitirdi

  • 10.11.2024 18:50
  • 14k+

Ispaniýa çempionatynyň 13-nji tapgyrynda Madridiň "Realy" "Osasuna" bilen duşuşdy. "Real" bir oýunda şikes ýetmeler sebäpli toparyň esasy düzüminden üç sany öňdebaryjy oýunçysyny ýitirdi. Muňa garamazdan, ol 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

20-nji minutda "Realyň" gapdal hüjümçisi Rodrigo Goes şikes alyp, meýdançadan çykmaly boldy. Rodrigo öňem oktýabryň ahyrynda myşsa şikesini alypdy, şonuň üçin-de ol birnäçe oýny sypdyrmaly boldy. 
Şenbe güni bolan duşuşygyň birinji ýarymy "Reala" ýene bir oýunçyny çalşyrmaly etdi. Duşuşygyň 30-njy minudynda goragçy Eder Militao sag dyzyndan agyr şikes aldy. Asly braziliýaly goragçy haçanda top burçdan oýna girizilen wagty garşydaşy bilen ýokary böküp, ýere düşende sag dyzynyň bognuna zeper ýetirdi. "Realyň" resmi web sahypasynda berlen beýanatda: "Militao ýakyn günlerde operasiýa ediler" diýlip bellenilýär. Oýunçy karýerasynda ikinji gezek şuňa meňzeş şikes aldy. Ol 2023-nji ýylyň awgustynda çep dyzyna zeper ýetmesi sebäpli ýedi aýlap oýundan çykdy. Şu möwsümiň ähli ýaryşlarynda Militiao klub üçin 16 oýun oýnady, şol oýunlarynda ol bir gezek netijeli pas berdi we bir goly garşydaşynyň derwezesine geçirdi.
Şeýle-de Madrid klubunyň ispaniýaly goragçysy Lukas Waskes oýnuň ikinji ýarymynda meýdança çykyp bilmedi. Duşuşykda onuň hem myşsasyna zeper ýetendigi habar berilýär.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......