UEFA «Barselona» klubuna salan iň ýokary jerimesini üç esse azaldar we synag möhletini berer

  • 14.06.2025 11:22
  • 9.4k+

«Barselona» maliýe hasabatyndaky düzgün bozulmalar bilen baglylykda, UEFA bilen jezany ýeňilleşdirmek boýunça ylalaşdy.

«Diario Sport» neşiriniň maglumatlaryna görä, UEFA klubuň maliýe hasabatyndaky nädogry maglumatlar sebäpli salynjak jerimesini 60 million ýewrodan, takmynan, 20 million ýewro çenli peselder. Gurama kluby girdejisini UEFA-nyň düzgünlerine laýyklykda görkezmän, nädogry görkezendigi üçin jezalandyrypdy. Bu esasan-da, La Ligada adaty girdeji hökmünde kabul edilýän, emma UEFA tarapyndan adatdan daşary serişdeler hasaplanýan maliýe ryçaglaryndan gazanylan girdejilere degişli.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, «Barselona» jerimäniň möçberini üç esse azaltmak boýunça UEFA bilen ylalaşdy. Munuň üçin klub 3 ýylyň dowamynda birnäçe talaby doly berjaý etmeli bolar. Klub deňagramly býujeti saklamagy, çykdajylary we aýlyk haklaryny gözegçilikde saklamagy, şeýle-de UEFA düzgünlerinde göz öňünde tutulmadyk maliýeleşdiriş usullaryny ulanmazlygy boýun alýar.
Gözegçiligiň La Liganyň maliýe gözegçilik kadalary esasynda geçirilmegine garaşylýar.
Eger-de şertler berjaý edilmese, «Barselona» doly jerimäni – 60 million ýewro tölemeli bolar. Mundan başga-da, UEFA goşmaça çäklendirmeleri, şol sanda ýewropa ýaryşlaryndaky topar sanawynyň azaldylmagy ýa-da utuklaryndan mahrum edilmegi ýaly çäreleri hem göz öňünde tutýar.


şu gün 15:58
6.8k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
3.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......